Jun 30, 2024 13:12 Asia/Ashgabat
  • Arap Bileleşigi 8 ýyldan soň Liwanyň Hizbullah hereketi bilen gatnaşyk gurmagy isleýär

8 ýyldan soň we Günbatar Aziýa sebitiniň agyr ýagdaýynda Arap Bileleşigi Liwanyň Hizbullah hereketi bilen gatnaşyk gurmak isleýär.

Arap Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir arap ýurtlarynyň 2016-njy ýyldaky kararlaryndan soň Liwanyň Hizbullahyny "terror guramasy" diýip kesgitledi.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Arap Bileleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary Hossam Zaki, Beýrutda sapary wagtynda Hizbullany terror guramasy hökmünde ykrar etmeýändigini we Liwanyň Hizbullah hereketi bilen gatnaşyk gurmak isleýändigini aýtdy.

Hossam Zaki, Arap Bileleşigine agza döwletleriň Hizbullany terror guramasy hökmünde ykrar etmeýändigini we Hizbullah bilen gysga wagtda aragatnaşyk gurmaga razy bolandygyny aýtdy.

Bu mesele bilen baglanşykly Liwanyň "Al-Ahbar" gazeti Arap Bileleşiginiň Hizbullahy "terrorist" diýip atlandyrmazlyk kararyny yglan etdi we Hossam Zaki Beýrutda sapary wagtynda Liwan mejlisinde garşylyga wepaly fraksiýanyň başlygy "Muhammet Raad" bilen duşuşdy diýip ýazdy.

Tags