Jul 02, 2024 12:51 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl goşunynyň şu aýda Gaza garşy söweşi bes etmäge taýýardygyny yglan etdi

Genosid Ysraýyl režiminiň syýasy işgärleri bu režimiň goşunynyň kem-kemden üçünji tapgyra geçmäge we şu aýda Gaza garşy söweşi bes etmäge taýýardygyny habar berdiler.

"Al Jazeera" teleýaýlymynyň habaryna görä, Sionist radio we telewideniýe guramasy hasabatynda, Gaza garşy söweşiň üçünji tapgyry, Hamas hereketine basyş etmek üçin Sionist goşunynyň Filadelfiýa okunda, Gaza zolagynyň günortasynda basyp alnan Palestina bilen Müsüriň serhetlerinde şeýle hem "Netsarim" geçelgesinde galmakdyr diýip yglan etdi.

Bu habara görä, Gaza garşy söweşi bes etmek karary, tussaglaryň alyş-çalyş şertnamasy we söweşiň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen demirgazyk frontdaky dartgynlylyk sebäpli kabul edildi.

Ondan öň "Wall Street Journal" gazeti howpsuzlyk analitiklerine salgylanyp, sionist režimiň goşunynyň Gaza zolagynyň demirgazygyndaky "Al-Şajaýeh" töweregine eden hüjümi barada şeýle ýazypdy: "Hamasy ýok etmek" aňsat däldyr.

Amerikanyň bu gazetiniň habaryna görä, Ysraýyl Hamas bilen uzak möhletleýin çaknyşykda gark bolmak howpy astyndadyr.

Sionist režimiň Gaza zolagyna agressiýasyndan 9 aý töweregi wagt geçensoň, netijeler we üstünlikler bolmazdan, bu režim içerki we daşarky krizislere günsaýyn çümýär.