Sionist režimiň türmesinde Hamasyň ýokary derejeli resmisiniň şehit bolmagy
(last modified Fri, 26 Jul 2024 07:35:17 GMT )
Jul 26, 2024 12:35 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň türmesinde Hamasyň ýokary derejeli resmisiniň şehit bolmagy

Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) bir işgäri, Sionist basyp alyjy režiminiň türmesinde şehit boldy.

IRIB habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, 7-nji oktýabrda Gazana garşy söweş başlanaly bäri Sionist režiminiň türmesinde gynalan Hamas hereketiniň ýokary derejeli işgärlerinden biri "Şeýh Mustafa Abu Ara" şehit boldy.

Hamasyň bu resmisiniň şehit bolmagy bilen, Sionist režimiň türmesinde Gaza garşy söweş başlany bäri gynamalara sezewar edilen palestinaly tussaglaryň sany 19-a ýetdi.

1990-njy ýyldan bäri "Şeýh Mustafa Abu Ara" sionist režimi tarapyndan ençeme gezek ýesir alyndy we ömrüniň 12 ýylyny bu režimiň türmelerinde geçirdi.

Şehit Abu Aranyň doglan ýeri bolan Aqaba şäheriniň metjitleri onuň şehit bolandygyny habar bermek bilen anna güni ýas güni we umumy iş taşlaýyş güni yglan etdiler we basyp alyjy režime we bütin Palestindäki sionistlere garşy intifadanyň dowam etdirilmegini islediler.

Şunuň bilen baglylykda, Gaza zolagynyň tussaglar we boşadylan adamlar ministrligi Sionist režiminiň türmelerinde Mustafa Abu Aranyň öldürilmegini ýazgarmak bilen Basyp alyjylar adamzada garşy jenaýat etdiler we genosid söweşinde Gaza tussaglaryny adam galkany hökmünde ulanýarlar diýip yglan etdi.

Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe hem, Mustafa Abu Aranyň şehit bolmagyna gynanç bildirmek bilen Hamasyň bu işgäri, ömrüni Yslam dinine çagyrmak we Palestina, Al-Kuds we Al-Aqsa metjidini goramak ýolunda geçirdi we köp kynçylyklara, agyrlara döz geldi diýdi.