Halid Meşal: "Ysraýyly"-yň barlygyny hiç haçan ykrar etmeris
Hamas hereketiniň uly agzasy Iordan derýasyndan Ortaýer deňzine çenli Palestina bu topragyň halkyna degişlidir we olar galp sionist režimiň barlygyny asla ykrar etmezler diýdi.
IRNA-nyň şenbe güni beren habaryna görä, Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) uly agzasy "Halid Meşal" bu hereketiň ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň şehit bolmagynyň bizi güýçlendirýändigine salgylanyp, gymmatlyklarymyzdan el çekmeris we jihad, garşylyk we hukuklary dikeltmek ýoluny dowam etdireris diýdi.
Meşal, haçan-da bir serkerde şehit bolanda, başga bir serkerde garşylygyň ýolbaşçylygyny öz üstüne alýandygyny aýtmak bilen Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagy uly ýitgidir, ýöne duşman şehitleriň ganynyň erkinlige we ýeňiş ýoluny gysgaldýandygyny bilenok diýdi.
Hamas hereketiniň lideri, Kudsyň biziň Kyblamyz we maksadymyzdygyny we Palestinde sionistler üçin ýeriň ýokdugyny aýtmak bilen Yslam ymmatynyň ýolbaşçylaryna garap Yslam ymmatynyň beýikligine gaýdyp gelmegiň wagty geldi diýip yglan etdi.