Naim Gasym: Hizbullahyň sionistlere berjek jogaby täsirli we mäkäm bolar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i25348-naim_gasym_hizbullahyň_sionistlere_berjek_jogaby_täsirli_we_mäkäm_bolar
Hizbullanyň baş sekretarynyň orunbasary, Sionist režimiň Beýrutdaky jenaýatyna berjek jogabymyzyň taýýar, belli we täsirli boljakdygyny aýtdy.
(last modified 2024-08-03T04:50:54+00:00 )
Aug 03, 2024 09:50 Asia/Ashgabat
  • Naim Gasym: Hizbullahyň sionistlere berjek jogaby täsirli we mäkäm bolar

Hizbullanyň baş sekretarynyň orunbasary, Sionist režimiň Beýrutdaky jenaýatyna berjek jogabymyzyň taýýar, belli we täsirli boljakdygyny aýtdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Hizbullanyň Baş sekretarynyň orunbasary Şeýh Naim Gasym, Sionist režimi tarapyndan Liwan Hizbullah komandiri Fouad Şakaryň öldürilmegine salgylanyp haçan-da birimiz şehit bolanymyzda, bu mesele agzybirligimizi we ýürekdeşligimizi güýçlendirýär diýdi.

Şeýh Naim Gasym bu şehitligiň möhüm netijelere eýe boljakdygyny aýtdy; Biz haklydyrys we Genosid sionist režimi bolan ýamanlygyň oky bilen; söweşeris we ýeňeris diýdi.

Geçen sişenbe güni sionist režimi Beýrutyň Zahiýa etrabynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýyna howa hüjümini amala aşyrdy we Liwanyň "Hizbullah" hereketiniň ýokary derejeli serkerdesi Şehit Fawad Şekari üç sany raketa atyp terrorçylyk operasiýada nyşana aldy.