BMG Howpsuzlyk Geňeşine Gazany görmäge çakylyk
(last modified Fri, 23 Aug 2024 06:36:40 GMT )
Aug 23, 2024 11:36 Asia/Ashgabat
  • BMG Howpsuzlyk Geňeşine Gazany görmäge çakylyk

Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Howpsuzlyk Geňeşini Gaza zolagyna baryp görmäge çagyrdy.

IRNA-nyň anna güni irden beren habaryna görä, Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Riýad Mansur, Günbatar Aziýa boýunça Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda Palestina hökümetiniň başlygy Mahmud Abbasyň Gaza zolagyna baryp görmek niýetini we dünýä liderlerine goldaw bermek üçin çakylygyny agzap, Howpsuzlyk Geňeşinden palestina halkynyň sionist  režiminiň hüjümlerinden ejir çekýän elhençligini öz gözüňiz bilen görmek üçin bu zolaga sapara gatnaşmagyny haýyş edýärin diýdi.

Şeýle hem Riýad Mansur Howpsuzlyk Geňeşiniň sionist režimiň palestina halkyna garşy edýän genosidini we jenaýatlaryny bes etmek üçin koprak tagalla etmegini isledi.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, genosid sionist režimi ABŞ we Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen Gaza zolagynda we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda Palestinanyň goragsyz we ezilen halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk etdi.

Palestina Saglygy goraýyş ministrligi ýakynda Gaza zolagynda 40 265 palestinalynyň şehit bolandygyny we 93,000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.