Gazanyň Saglyk ministrliginiň sebitdäki hassahanalardaky krizis barada duýduryşy
(last modified Tue, 27 Aug 2024 07:09:48 GMT )
Aug 27, 2024 12:09 Asia/Ashgabat
  • Gazanyň Saglyk ministrliginiň sebitdäki hassahanalardaky krizis barada duýduryşy

Palestinanyň Saglyk ministrliginiň Gaza zolagyndaky baş müdiri, eger basyp alyş dowam etse we sionistler ýangyjyň girmeginiň öňüni aljak bolsa, Gaza şäherindäki we zolagyň demirgazygyndaky hassahanalaryň işiniň 48 sagadyň dowamynda bes ediljekdigini aýtdy.

Al-Maýadeen teleýaýlymyna beren interwýusynda Palestina Saglyk ministrliginiň Gaza zolagynda ýerleşýän Baş müdiri Mounir Al-Barş "Netsarim" okunyň basylyp alynmagy derman serişdeleriniň Gaza zolagyna girmeginiň öňüni alandyr diýip nygtady.

Şeýle hem, sionist basybalyjylaryň Gaza zolagynda palestinaly raýatlary açlyk çekmäge dowam edýändiklerine ünsi çeken Al-Barş, ot astyndaky we sagdyn daşky gurşaw şertleri bolmadyk çagalar üçin sanjymlary taýýarlamak mümkin däl diýdi.

Genosid Ysraýyl režimi Gaza zolagynda genosidi dowam etdirýär we soňky 24 sagadyň dowamynda iki gyrgynçylykda 33 adam şehit boldy we 66 adam ýaralandy.

Sionist režimi şeýle-de Gazanyň merkezindäki Al-Maghazi bosgun düşelgesine eden gijeki hüjümde bir topar goragsyz raýaty şehit etdi ýa-da ýaralady.