Han Ýunisde 100-den gowrak şehit we ýaralanan gyrgynçylygy
(last modified Tue, 10 Sep 2024 07:35:39 GMT )
Sep 10, 2024 12:35 Asia/Ashgabat

Sionist basybalyjylar şu gün irden Al-Mawasi sebitindäki Han Ýunisdäki bosgunlaryň çadyrlaryna hüjüm etdiler.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä Gazanyň Raýat goranmak guramasy sionist režimiň al-Mawasi sebitine howa hüjüminiň Sionist basyp alyjy güýçler tarapyndan uruş başlany bäri  çukurlary 9 metr çuňlukda galdyran we amala aşyrylan iň uly gyrgynçylyklardan biridigini mälim etdi.

Raýatlary halas etmek üçin jogapkär bolýan Gazanyň raýat goragy şu gün irden, şu wagta çenli han Ýunisiň günbataryndaky Al-Mawasi sebitinde galan 40 şehitiň jesedini we 60-dan gowrak ýaralanan palestinalynyň harabalygyň aşagyndan çykaryldy diýip mälim etdi.

Sionistleriň irden howa hüjüminiň netijesinde Al-Mawasi sebitinde üç sany uly deşik döredildi we bosgunlaryň 20 çadyry düýbünden ýok boldy.

Gazanyň raýat goragy pidalary gözlemek üçin zerur gurallaryň ýokdugyny habar berip, basyp alyjylaryň lagerçileri MK bombalary bilen nyşana alandygyny habar berdi.

Hamas hereketi, Ysraýyl režiminiň Al-Mawasi sebitindäki bosgunlaryň çadyrlaryna eden rehimsiz hüjümini ýazgarmak bilen beýanat berdi we sionist režimiň bosgunlaryň çadyrlarynda garşylyk söweşijilerini nyşana alýandyklary baradaky toslamalaryny berk ret etdi.

Hamas şeýle-de, basyp alyjy režiminiň goşunynyň howpsuz sebitdigini aýdýan sebitde parahat ilatyň, şol sanda aýallaryň, çagalaryň we garrylaryň rehimsiz nyşana alynmagy Ysraýylyň faşistik  režiminiň kabinetiniň Palestina milletiniň genosidini dowam etdirmek niýetini görkezýändigini aýtdy.