Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 105 Adam pida boldy
Ysraýylyň guran soňky howa hüjüminde çekilen adam pidasy hakynda maglumat berildi.
Ysraýyl Režimiň harby goşunynyň Liwana guran soňky howa hüjüminde 105 adam pida boldy, 359 adam ýaralandy.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň guran soňky howa hüjüminde çekilen adam pidasy hakynda maglumat berildi.
Ministrlikden berlen beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň düýn guran howa hüjümlerinde 105 adamyň ýogalandygy, 359 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Liwanly resmilere görä, 17-nji sentýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen jemi 1174 adam şehit boldy.
Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah, Ysraýylyň harby goşunynyň 27-nji sentýabrda guran howa hüjüminde şehit bolupdy.
Hizbullah bolsa Ysraýyla garşy raketa hüjümlerini guraýar.Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýüz müňlerçe adam öýüni terk etdi.
Ýurduň günortasyndan paýtagt Beýruda we demirgazyga göçýänleriň sany gün saýyn köpelýär.
Liwandan Siriýa on müňlerçe adamyň göçendigi nygtalýar.
Şeýle-de Yemendäki Husiler Ysraýylyň goşunynyň Hudeýde şäherinde howa hüjümini gurandygyny we 4 adamyň pida bolandygyny habar berdi
Husilere degişli "Al-Mesire" telewideniýe kanalynyň habar bermegine görä, Ysraýyla degişli harby uçarlar, Ýemeniň günbataryndaky Hudeýde şäherinde elektrik desgasyny bombalady.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä Hudeýde portunda işleýän 1 işgär bilen elektrik desgasynda işleýän 3 inžener jemi 4 adam pida boldy, 49 adam ýaralandy.
Beýleki tarapdan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, köp sanda harby uçaryň Ras Isa we Hudeýde portlarynda Husilere degişli ýerleriň nyşana alynyp hüjüm guralandygy mälim edildi.
Emma Ysraýylyň harby goşuny, Siriýa-Liwan serhedindäki Jdeýdit Ýabus gümrük geçelgesine hüjüm gurady.
Ýerli çeşmeleriň berýän berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşunyna degişli harby uçarlar, Siriýanyň paýtagty Damaskyň günortasyndaky gümrük geçelgesini nyşana aldy.Hüjümde adam pidasynyň çekilendigi nygtalýar.
Nyşana alynan gümrük geçelgesi Liwanyň demirgazyk gündogaryny Siriýanyň paýtagty Damaska birleşdirýär.