Sionistler Liwanyň günortasyna we gündogaryna hüjümleri
Sionist goşuny ýene-de köpçülikleýin hüjümler bilen Liwanyň günortasyny we gündogaryny nyşana aldy.
IRNA-nyň habaryna görä, Liwanyň gündogaryndaky Al-Baqaa welaýatynyň Baalbek şäheriniň daş-töweregi we "Budaý" obasynyň belentlikleri sionistler tarapyndan nyşana alyndy.
Ysraýylyň artilleriýa bölümi hem Liwanyň günortasyndaky "Ulama al-Sha'äb" we "Al-Naqourah" obalaryny we bu ýurduň günortasyndaky günbatar böleginde ýerleşýän Al-Zahirah obasyny bombalady.
Ysraýyl goşuny şeýle hem Beýrutyň günorta çetindäki ýaşaýjylara gysga wagtda ewakuasiýa edilmegi barada duýduryş berdi.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi çarşenbe güni gije Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky bir sebite eden hüjüminde 5 şehit we 12 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
23-nji sentýabrdan bäri sionist goşuny Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy we henizem dowam edýär.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, genosid Ysraýyl režiminiň hüjümlerinden soň bu ýurtda şehit bolanlaryň sany soňky bir ýylda 2 müň 141 adama ýetdi.