Hamas "yaahýa Sanwar"-yň şehitligi baradaky habary tassyklady
(last modified Fri, 18 Oct 2024 16:14:29 GMT )
Oct 18, 2024 21:14 Asia/Ashgabat
  • Hamas

Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary "Halyl Al-Hiýa" bu hereketiň syýasy edarasynyň başlygy "yaahýa Ybraýym Senwar" -yň şehit bolandygyny tassyklady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygynyň orunbasary "Halyl al-Hiýa" şu gün (anna) Hamas hereketiniň syýasy gullgynyň başlygy yaahýa Sanwar çarşenbe güni Rafah şäherinde (Gaza zolagynyň günortasynda) Sionist okkupasiýasynyň duşmany bilen söweşip, şehit bolan ýoldaşlaryna goşuldy diýip yglan etdi.

"Halyl Al-Hiýa" sözüniň dowamynda, "yaahýa Sanwar" sionist duşmany bilen ýüzbe-ýüz söweşip, ömrüniň soňky pursatyna çenli garşylyk görkezipdi diýip beýan etdi.

"yaahýa Ybraýym Senwar" Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy wezipesine birnäçe wagt ozal şehit bolan "Ysmaýyl Haniýe" ýerine bellendi.

Tags