Genosid Ysraýyl režiminiň esgerleriniň arasynda öz janyna kast edenleriň sanynyň köpelmegi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i25858-genosid_ysraýyl_režiminiň_esgerleriniň_arasynda_öz_janyna_kast_edenleriň_sanynyň_köpelmegi
Ysraýyl genosid režiminiň esgerleriniň arasynda öz-özüni öldürmek derejesi Al-Aqsa tupan operasiýasyndan bäri ýokarlandy.
(last modified 2024-11-23T13:33:58+00:00 )
Nov 23, 2024 18:33 Asia/Ashgabat
  • Genosid Ysraýyl režiminiň esgerleriniň arasynda öz janyna kast edenleriň sanynyň köpelmegi

Ysraýyl genosid režiminiň esgerleriniň arasynda öz-özüni öldürmek derejesi Al-Aqsa tupan operasiýasyndan bäri ýokarlandy.

Press TV habar gullugynyň habaryna görä, basyp alyjy Ysraýyl režiminiň azyndan alty esgeri soňky aýlarda sionist režimmiň Gaza zolagyna we Liwana garşy alyp baran uzak söweşi sebäpli ýüze çykan akyl problemalary sebäpli öz janyna kast edipdir.

Sionist režimiň “Yediot Aharonot” gazetiniň düýn anna güni beren  hasabaty boýunça, Ysraýyl  režiminiň esgerleriniň arasynda öz janyna kast edenleriň sanynyň has köp bolup biljekdigini habar bermek bilen ýöne goşun şu wagta çenli resmi janyna kast etmek barada habar bermekden ýüz öwürendigini yglan etdi.

Bu hasabatda müňlerçe esger akyl saglyk klinikalaryndan kömek sorady diýilýär.