Sionist režimiň Gaza zolagyna dowam edýän hüjümleri
Gaza zolagyna garşy söweşiň dört ýüz kyrk dördünji gününde sionist režimi bu sebitiň ýaşaýjylaryna garşy hüjümlerini we rehimsiz hereketlerini dowam etdirdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Gazadaky söweş 444-nji gününe geldi, Palestina Saglygy goraýyş ministrligi soňky birnäçe sagatda Gaza zolagynda maşgalalara garşy öldürmeleriň dowam edýändigini yglan etmek bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri şehitleriň sany 45 müň 259-a we ýaralananlaryň sany 107 müň 627-e ýetendigini habar berdi.
Beýleki tarapdan, sionist metbugat "Haaretz" Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Jabaliýa düşelgesindäki jaýlaryň we binalaryň 70% -ini doly weýran edendigini we bu sebitiň arwah şäherine öwrülendigini habar berdi.
Gazanyň döwlet metbugat gullugy öz beýanynda basybalyjylaryň "Kamal Adwan" keselhanasyna abanýan howplaryny ýazgardy we halkara jemgyýetçiliginden jenaýatyň gerimini anyklamak üçin meýdan toparyny tiz ibermegini we howpsuz koridorlary döredip hassahanany we lukmançylyk işgärlerini goramagy isledi.