Sionist režiminiň pozisiýalaryna Ýemeniň raketa hüjümi
Sionist režimiň pozisiýalaryna raketa hüjüminden soň, sionistleriň basyp alan ýerlerinde howp duýduryşy ýaňlandy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ysraýyl goşuny sişenbe güni irden bu režimiň basyp alan ýerlerindäki pozisiýalaryna hüjüm edilendigini tassyklady.
Sionist Kan ulgamy hem dürli sebitlerde duýduryş sirenalarynyň ýaňlanandygyny habar berdi.
Bu hüjüm, Ýemeniň Ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary yaahýa Saree üstünlikli geçirilen operasiýada sionist režimiň möhüm nyşanalarynyň Ýafada nyşana alnandygyny yglan edeninden birnäçe sagat soň amala aşyryldy.
Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, başga bir operasiýada Ýemeniň howa güýçleri dört pilotsyz uçar ulanyp, Ýafa sebitindäki beýleki möhüm merkezleri üstünlik bieln nyşana alandyr.
Yaahýa Saree şeýle hem basyp alyşlyk gutarýança we Gazanyň gabawynyň ýatyrylýança Sionist režime garşy harby operasiýalaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Ýemen goşunynyň güýçleri, Sionist režimi Gazadaky hüjümlerini bes edýänçe, Sionist režiminiň pozisiýalaryna hüjüm etmegi dowam etdirmegi wada berdi.