Gazadaky ýaraşyk şertnamasynyň resmi taýdan yglan edilmegine reaksiýalar
(last modified Thu, 16 Jan 2025 07:36:45 GMT )
Jan 16, 2025 12:36 Asia/Ashgabat

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary Palestina Yslam garşylyk hereketi Hamas bilen Sionist režimiň arasyndaky Gaza zolagynda ýaraşyk şertnamasyny gutladylar.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" "Ysraýyl" bilen Hamasyň arasyndaky ýaraşyk şertnamasyny garşy alyp taraplardan bu şertnamany durmuşa geçirýän mahaly Gaza kömek ibermekdäki howpsuzlyk we syýasy päsgelçilikleri aýyrmagy talap etdi.

"Antonio Guterreş" şeýle-de Gazadaky ýaraşyk şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmegini nygtap, "Palestinalylaryň ölümini we Gaza garşy söweşde galan weýrançylygy hiç zat aklap bilmez" -diýdi.

Müsüriň prezidenti "Abdul-Fattah al-Sisi" Gaza bilen baglaşylan ýaraşyk şertnamasyny gutlap, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň tizlenmegini isledi. Al-Sisi durnukly parahatçylygyň durmuşa geçirilmegi sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ýaýramagy üçin iki döwletli çözgüdi talap edýändigini aýtdy we Kairiň sebitdäki parahatçylygyň tarapdarydygyny aýtdy.

Liwan hökümetiniň premýer-ministri "Nejip Mikati" hem Gaza zolagynda Müsüriň, Amerikanyň we Kataryň töwellaçylygy bilen ýaraşyk şertnamasynyň yglan edilmegini garş aldy.

BAE-nyň Daşary işler ministrligi, Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşi, Iordaniýanyň Daşary işler ministrligi we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi hem bu ýaraşyk şertnamany garşy alyp sionist režimiň Palestina we Arap ýurtlaryndan çykarylmagyny islediler.

Çarşenbe güni gije, Gazada ýaraşyk şertnamasynyň yglan edilmegi bilen bir wagtyň özünde Palestinde, Liwanda, Ýemende, Yrakda we Siriýada garşylygyň ýeňşini bellemek dabarasy geçirildi.