Ýemenden Tel Awiw şäherine raketa atyldy
Habar çeşmeleri Ýemenden Tel Awiwe raketalaryň atylandygy we Ben Gurion howa menziliniň togtadylandygy habar berdiler.
IRNA-nyň habaryna görä, şu gün sionist çeşmeleri Ýemenden basyp alnan ýerlere raketa atylandan soň, Al-Led sebitinde, Ben-Gurion howa menzilinde, Asdodyň demirgazygynda we gündogarynda, Kuds we onuň töwereginde howp jaňlary ýaňlandy diýip yglan etdiler.
Sionist režimiň 12-nji kanaly bu barada beren hasabatynda bu hüjümden soň Ben Gurion howa menziliniň işi togtadyldy yglan etdi.
Bu sionist kanaly şeýle-de Ýemeniň raketasy Tel Awiwiň günortasyndaky "Beýr Ýakub" sebitinde ýangyna sebäp boldy we bu sebite ýangyn söndüriji toparlar iberildi diýip sözlerine goşdy.
Soňky aýlarda dowamynda Ýemen goşuny Gaza zolagyndaky Palestina halkynyň garşylygyny goldamak üçin Sionist režimiň, esasanam Tel Awiwiň pozisiýalaryna birnäçe üstünlikli raketa we pilotsyz hüjümi edendir.