Saud Arabystany Ysraýylyň barha möwjeýän hereketleri barada duýduryş berdi
(last modified Thu, 27 Feb 2025 07:03:47 GMT )
Feb 27, 2025 12:03 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystany Ysraýylyň barha möwjeýän hereketleri barada duýduryş berdi

Saud Arabystany bir beýannama boýunça sionist režimiň barha möwjeýän hereketlerini ýazgardy.

Pars Today -iň Mehr habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Saud Arabystanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň basyp alyjy güýçleriniň Siriýa sebitlerine eden hüjümlerini ýazgardy we Riýadyň bu ýurduň hökümeti we halky bilen doly raýdaşlygyny nygtady.

Hasabata görä, Saud Arabystany halkara jemgyýetçiligini Ysraýylyň dartgynly hereketlerini duruzmaga çagyrdy.

Şeýle hem Riýad hökümeti Tel Awiw režiminiň özüni alyp barşynyň sebitdäki konfliktleriň gerimini giňeldip biljekdigini duýdurdy.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministrliginiň beýany Sionist režiminiň sişenbe güni gije Siriýanyň günortasyndaky 17 ýere hüjüm edeninden soň neşir edildi.