Netanýahunyň tarapyndan geçelgeleriň ýapylmagy jenaýat we genosiddir
Palestinanyň adam hukuklary guramasynyň "Haşd" başlygy Ysraýylyň premýer-ministriniň Gaza zolagynyň geçelgelerini ýapmak we ynsanperwer kömeginiň sebite girmeginiň öňüni almagy edil Gazanyň ýaşaýjylaryna garşy genosid diýip atlandyrdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Palestinanyö Adam Hukuklary Guramasynyň başlygy Selah Abdul-Ati, Netanýahunyň tarapyndan geçelgeleriň ýapylmagynyň jenaýat we genosiddigini aýtmak bilen, basyp alyjylaryň geçelgeleri ýapmak we ynsanperwer we medisina kömeginiň Gaza zolagyna girmeginiň öňüni almak karary palestinalylardan paç almak we dowam etdirilýän köpçülikleýin jenaýat bilen deňdir diýip yglan etdi.
Abdul-Ati sözüniň dowamynda basyp alyjylar köpçülikleýin jeza bermegi dowam etdirýärler, ynsanperwer kömeginiň girmeginiň öňüni alýarlar we uruş jenaýaty we adamzada garşy jenaýat derejesinde açlyk ýaragyny ulanýarlar diýdi.
Abdul-Ati halkara jemgyýetçiligini palestinalylaryň we genosidiň pidalarynyň çekýän jebir-jepalaryny duruzmak we soňlamak üçin, basyp alyjy režime dürli ýollar bilen ynsanperwer kömegi bermäge mejbur etmek üçin çäre görmäge çagyrdy.