UNRWA-nyň Gazadaky sionistleriň wagşylyklary baradaky geň galdyryjy hasabaty
Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlaryna kömek we iş gullugy (UNRWA) Gazondaky sionistleriň wagşyçylyklary barada hepdelik hasabatyny çap etdi.
Pars Today -iň habaryna görä, sionist režimi soňky hepdelerde Gazadaky palestinalylara garşy zalymlygyny güýçlendirdi we bu mesele indi halkara jemgyýetçiliginiň arasynda alada döretdi.
Şoňa laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugy (UNRWA) Gaza zolagynda we basyp alnan Günbatar Şeriýadaky ýagdaýlar baradaky soňky hepdelik hasabatynda diňe 18-23-nji mart aralygynda 142,000-den gowrak adamyň mejbury göçürilendigini habar berdi.
Şeýle hem hasabatda diňe 18-nji martda Gazada 180-den gowrak çaganyň öldürilendigi we bu gün geçen bir ýylyň boýunda palestinaly çagalary üçin iň agyr günleriň birine öwrülendigi bellenildi.
Bu habara görä, 2-nji martda, Sionist harbylar Gazany doly gabaw astyna alansoň, sebite hiç hili ynsanperwer kömegi ýa-da enjam girmedi.
Sionist gazet Haaretz hem hasabatynda bu režimeiň goşunynyň 300-e golaý palestinalyny öldürendigini we olaryň köpüsiniň aýallardygyny aýdyp şondan gelnde Hamasyň we Yslam Jihad güýçleriniň öldürilendigini öňe sürendigini ýazdy.