BMG Ysraýylyň Siriýa edýän hüjümlerini ýazgardy
(last modified Fri, 04 Apr 2025 09:25:58 GMT )
Apr 04, 2025 14:25 Asia/Ashgabat
  • BMG Ysraýylyň Siriýa edýän hüjümlerini ýazgardy

BMG-nyň Siriýa boýunça wekili Ysraýyl režiminiň Siriýanyň çägine eden hüjümlerini ýazgardy.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň Siriýa boýunça wekili Geir Pedersen Ysraýyl režiminiň Siriýa ýygy-ýygydan we artýan hüjümleriniň ýurtda durnuksyzlyga sebäp boljakdygyny duýdurdy. Pedersen Ysraýyl režimini halkara hukugynyň howply bozulmagy bolan Siriýa garşy hüjümi duruzmaga we Siriýanyň milli özygtyýarlylygyna we bar bolan şertnamalaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Ysraýyl režimi çarşenbe güni gije Siriýanyň harby bazalaryny nyşana aldy we azyndan 13 siriýaly öldürildi.

Ysraýyl režimi Damaskda we Siriýanyň merkezindäki harby desgalary we infrastrukturany nyşana alandygyny, şeýle hem Siriýanyň günortasyndaky Daraa welaýatynda gury ýer operasiýalaryny amala aşyrandygyny we Ysraýyl güýçleri bilen çaknyşykda Daraanyň dokuz ýaşaýjysynyň öldürilendigini boýun aldy.