Ansarullah Amerika ýemene garşy gury ýer urşy barada duýduryş berdi
Ýemeniň Ansarullah hereketiniň syýasy gullugynyň agzasy ABŞ-nyň bu ýurda edýän howa hüjümlerini ýazgaryp, Ýemende ýerüsti harby çäre görülmgi barada duýduryş berdi.
Pars Today-iň habaryna görä; Ýemeniň Ansarullah hereketiniň syýasy gullugynyň agzasy Muhammet Al-Bagiti ABŞ-nyň Ýemende guran howa hüjümleriniň öz maksatlaryna ýetip bilmeýändigini we bu hüjümleriň Ansarullahyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny nyşana alyp bilmeýändigini mälim etmek bilen bu agressiýalaryň ýeke-täk netijesi bigünä raýatlaryň ölmegi boldy diýdi.
Al-Bahiti Ýemene garşy islendik ýerüsti harby herekete garşy duýduryş berip, şeýle diýdi: Amerikalylara gury ýer urşuna gönüden-göni ýa-da Ýemeniň içindäki wekil güýçleriniň üsti bilen berk we güýçli garşylyk görkeziljekdigini duýdurýarys diýdi.
Ansarullah hereketiniň syýasy býurosynyň agzasy sözüni dowamynda ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşyk gazanylsa-da, Ýemeniň Gazany goldamakdaky pozisiýasy üýtgemez, halkara diplomatik özgerişlere garamazdan Palestina goldawymyz we Sionist režime garşylygymyz dowam eder diýdi.
Muhammet Al-Bagiti goňşy ýurtlara-da duýduryş berip, Amerika we Angliýa kömek edýän her bir tarap; esasanam Saud Arabystany we Emirlikler üçin Hudaý şol güni getirmesin; Sebäbi olaryň ähli infrastrukturasyny ýok etmäge güýjümiz bar diýip sözlerine goşdy.