Gaza zolagynda 23 adam şehit we onlarça adam ýaralandy
Sionist režiminiň goşuny Gazanyň dürli sebitlerini bombalamagy dowam etdirýär netijede azyndan 23 palestinaly şehit boldy we onlarça adam ýaralandy.
Pars Today -iň habaryna görä, Al-Maýadeen teleýaýlymy şu gün irden Sionist režiminiň goşunynyň Gaza zolagynyň dürli sebitlerine eden hüjümlerinde 23 adamyň şehit bolmagyndan başga-da onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde Sionist režimiň goşuny Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherini gabady we şäheriň demirgazyk etraplarynda palestinaly öýleri ýykyp başlady.
Palestina çeşmeleri, Sionist režiminiň Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunis şäheriniň günbataryndaky "Al-Mawasi" sebitindäki bosgun çadyrlaryna pilotsyz hüjüminiň birnäçe palestinalynyň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolandygyny habar berdi.
Şeýle hem bu çeşmeler Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherindäki binalaryň Sionist režiminiň goşuny tarapyndan ýok edilendigine ünsi çekdiler.
Şol bir wagtyň özünde, lukmançylyk çeşmeleri Ysraýylyň söweş uçarlarynyň Gaza şäheriniň gündogaryndaky dürli sebitlere agyr hüjümleri edendigini we "Al-Taffah" töwereklerinde azyndan bir palestina raýatynyň şehit bolmagyna sebäp bolandygyny habar berdi.
Şaýatlar şeýle-de bombalamalaryň we güýçli partlamalaryň sesi netijesinde töwerekde giňden weýran bolandygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary 2025-nji ýylyň 18-nji martyndan 9-njy apreline çenli aralykda Sionist režimiň ýaşaýyş jaýlaryna we bosgun çadyrlaryna 224 gezek hüjüm gurandygyny mälim etdi.