Mahmud Abbasyň jenjelli sözleri sebäpli palestinaly ýolbaşçylaryň arasynda giňden ýaýran gahar
(last modified Thu, 24 Apr 2025 12:24:19 GMT )
Apr 24, 2025 17:24 Asia/Ashgabat
  • Mahmud Abbasyň jenjelli sözleri sebäpli palestinaly ýolbaşçylaryň arasynda giňden ýaýran gahar

Palestinanyň Merkezi Geňeşiniň 32-nji mejlisinde Palestina häkimliginiň prezidenti Mahmud Abbas Hamasy Ysraýyl tussaglaryny tabşyrmaga çagyrmak üçin gödek we kemsidiji sözleri ulandy.

Palestinanyň Milli Başlangyç Komitetiniň Baş sekretary Mustafa Bargouti, bu ýygnakda eşidilen ýerliksiz sözleriň palestinaly taraplaryň agzybirligine hiç hili goşant goşmaýandygyny, tersine içerki bölünişiklere sebäp bolýandygyny aýtdy.

Palestinanyň Milli Geňeşiniň agzasy Taýsir al-Ali hem Mahmud Abbasyň çydam toparyna garşy aýdan sözleri, ekstremist Ysraýyl ministri Bezalel Smotriçiň bu meselede Gaza zolagyny ýok etmekde aýyplanýan we ýaragsyzlanmagy we Ysraýyl tussaglarynyň tabşyrylmagyny talap edýän pozisiýalaryny goldaýar diýdi.

Palestina şehitleriniň maşgalalary birleşigi, Palestina hökümetiniň prezidenti Mahmud Abbasyň aýdan sözleriniň palestina halkynyň pidakärçiliklerine gylyç urmak derejesinde bolýandygyny aýtdy.

Çarşenbe güni, Palestinanyň Merkezi Geňeşiniň mejlisinde Palestina häkimliginiň prezidenti Mahmud Abbas, Sionist režiminiň Gaza zolagyna edýän hüjümlerine jogapkär Palestina Yslam Garşylyk Hereketini (Hamas) jogapkär etdi.

Mundan başga-da Abbas Hamas hereketini sionist tussaglary tabşyrmaga, Gaza zolagyna gözegçiligini bes etmäge, ýaraglaryny Palestina häkemiýetine tabşyrmaga we syýasy partiýa bolmaga çagyrdy.