Amerikanyň Ýemendäki ganly jenaýatlarynyň dowamy
(last modified Mon, 28 Apr 2025 08:36:08 GMT )
Apr 28, 2025 13:36 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Ýemendäki ganly jenaýatlarynyň dowamy

Amerikan söweş uçarlarynyň Ýemende eden täze hüjümi köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Pars Today -iň habaryna görä, duşenbe güni irden Amerikanyň söweş uçarlary Ýemeniň Al-Jawf welaýatynyň “Bart al-Anan” sebitini dört gezek bombalady. Saadadaky türmäni bombalamakda hem onlarça adam ölüp, ýaralandy. Raýat goranmak güýçleri we Saada şäheriniň howpsuzlyk bölümi ýaralananlara kömek etmäge we ölenleriň jesetlerini harabalygyň aşagyndan çykarmaga synanyşýarlar.

Habarlara görä, şäher hassahanalarynda ýaralananlar köpdyr. Düýn agşam Amerikan söweş uçarlary Yemenemeniň paýtagty Sananyň demirgazygyndaky Bani Al-Harith sebitini bombalady.

Şaýatlar Ýemende Hodeidah ýaly beýleki sebitlerde-de partlamalaryň eşidilendigini habar berdiler.

Şunuň bilen baglylykda Amerikan söweş uçarlary Saadanyň Kataf şäherine azyndan üç gezek hüjüm etdiler.

Ýekşenbe güni agşam hem, Amerikan söweş uçarlary Ýemeniň "Amran" welaýatynda Sufýan sebitini iki gezek nyşana aldylar.