Türkiýäniň Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň dargamagy (PKK)
(last modified Mon, 12 May 2025 12:34:09 GMT )
May 12, 2025 17:34 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň dargamagy (PKK)

Pars Today habar gullugy,Türkiýäniň Kürdüstan Işçiler Partiýasy (PKK) dargadylandygyny habar berdi.

Türkiýedäki Kürdüstan Işçiler Partiýasy (PKK) duşenbe güni dargamak bilen birlikde ýaragsyzlanjakdygyny habar berdi.

Şeýle hem türk metbugaty duşenbe güni Türkiýedäki Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň (PKK) dargadylandygy barada resmi habar berdiler. Geçen anna güni PKK gurultaýyny geçirjekdigini we Türkiýede dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak barada möhüm kararlar berjekdigini habar berdi. PKK dargadylsa, Türkiýedäki bäş ýyllyk işini bes eder we ýurduň hökümeti bilen ýaragly çaknyşykdan ýüz öwürer.

Yragyň Kürdüstan sebitiniň prezidenti Neçirwan Barzani, Türkiýede Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň (PKK) dargadylmagy bilen sebitdäki durnuklylk hem güýçlener diýdi.

PKK-nyň dargadylandygy baradaky habara reaksiýa beren Neçirwan Barzani duşenbe güni, bu ädim syýasy kämilligi görkezýär we Türkiýede we tutuş sebitde bilelikde ýaşamagy we durnuklylygy güýçlendirýän hakyky gepleşik üçin ýol açýar diýdi.