BMG Gazadaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy barada duýduryş berdi
(last modified Thu, 22 May 2025 07:42:50 GMT )
May 22, 2025 12:42 Asia/Ashgabat
  • BMG Gazadaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy barada duýduryş berdi

BMG çeşmeleri Sionist režiminiň hüjümleriniň kölegesinde Gazadaky bulam-bujar ýagdaý barada duýduryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dujarric, Gaza zolagyna gelýän kömek sebitiň giň zerurlyklaryny hiç hili kanagatlandyrmaýar, şu wagta çenli Gazada hiç hili kömek paýlanmady, sebäbi Ysraýyl bu kömegi diňe Gazadaky howply ýollar arkaly almaga mümkinçilik berýär diýdi.

Beýleki tarapdan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaga hukuklary komiteti, biz Gaza zolagynda çagalaryň açlygyny we Ysraýyl tarapynyň bu sebite ynsanperwer kömegini almagyna dowam edýän päsgelçilikleri ýazgarýarys diýdi.

UNRWA guramasy hem Ysraýylyň hereketleri sebäpli ýüze çykan we syýasy sebäplere görä Gaza zolagynda açlyk bu sebitiň ýaşaýjylaryna aç-açan adalatsyzlykdyr diýip belläp geçdi.