Hamas: Sionist režimiň Madelin gämisine eden hüjümini halkara jemgyýetçiligi ýazgarmaly
(last modified Mon, 09 Jun 2025 07:51:56 GMT )
Jun 09, 2025 12:51 Asia/Ashgabat
  • Hamas: Sionist režimiň Madelin gämisine eden hüjümini halkara jemgyýetçiligi ýazgarmaly

Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) halkara jemgyýetçiligini Sionist režimiň Erkinlik Flotillasyna degişli "Madelin" gämisine eden rehimsiz hüjümini ýazgarmaga çagyrdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Hamas hereketi bir beýannama boýunça, Sionist režiminiň "Erkinlik Fotiliýasyna" degişli Madelin gämisine garşy gazaply hereketine reaksiýa bildirdi we Sionist garakçylaryň halkara suwlarynda Madelein gämisine garşy garakçylygyny we onuň Gaza ýetmeginiň öňüni almagyny berk ýazgarýarys diýdi.

Beýanatda şeýle-de Madeliniň ýolagçylarynyň derrew boşadylmagyny talap edýäris we basyp alyjylary olaryň durmuşlary üçin doly jogapkärdirler diýilýär.

Hamas Birleşen Milletler Guramasyny we halkara guramalaryny Madelin gämisine garşy garakçylyk hereketini ýazgarmaga we halkymyzy gabamak üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Şeýle hem Palestini azat etmek üçin meşhur front, Sionist režimiň Madelin gämisine eden rehimsiz hüjümine salgylanyp, gämä garakçylygy söweş jenaýaty diýip atlandyrdy.

Beýleki tarapdan, BMG-nyň Palestina boýunça ýörite hasabatçysy Françesko Alpanzi Iňlis hökümetini basyp alyjy güýçler tarapyndan alnyp gaçylandan soň Madelin gämisiniň we ýolagçylarynyň boşadylmagyny üpjün etmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Bu aralykda, Ysraýylyň Goranmak ministri Ýsrael Katz “Madelein” gämisi ele salnandan soň Ysraýyl goşunyny öwdi.