Arap ligasy sionistleriň Eýrana garşy agressiýasyny ýazgarýar
(last modified Sat, 21 Jun 2025 10:20:19 GMT )
Jun 21, 2025 15:20 Asia/Ashgabat
  • Arap ligasy sionistleriň Eýrana garşy agressiýasyny ýazgarýar

Arap Bileleşigi sionistleriň Eýrana garşy agressiýasyny ýazgardy.

Pars todaý habar gullugynyň habaryna görä, Arap Bileleşigine agza döwletleriň daşary işler ministrleri Stambuldan berlen beýanatda Sionistleriň Eýran Yslam Respublikasyna garşy eden agressiýasyny ýazgardy. Şenbe güni irden neşir edilen beýannamada: Biz Eýranyň ýadro meselesi boýunça ylalaşyk gazanmak üçin gepleşiklere gaýdyp gelmegini isleýäris diýip getirilipdir.

Arap Bileleşiginiň daşary işler ministrleri, Sionist režimiň sebiti çaknyşyklara we dartgynlylyga iterýändigini duýdurmak bilen Ysraýylyň agressiw hereketlerini we syýasatlaryny duruzmak üçin täsirli we netijeli halkara çärelerini görmäge çagyrýarys diýdi.

Beýanatda şeýle diýilýär: Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň howandarlygynda ýadro desgalaryny nyşana almakdan saklanmalydyrys.

Arap Bileleşiginiň daşary işler ministrleri şeýle hem, halkara gatnaşyklarynda güýç ulanylmagyny ýa-da howp salmagyny gadagan edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hormat goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Beýannamanyň soňunda, Günbatar Aziýanyň ýadro ýaraglaryndan we beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan azat etmegiň möhümdigini nygtaýarys.