Yragyň Kürdüstan welaýatynyň Erbil şäherinde ýaragly çaknyşyk
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i26984
Yragyň Kürdüstan sebitiniň merkezi Erbil şäherinde bir kürt taýpasy bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk birnäçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.
(last modified 2025-07-09T07:51:48+00:00 )
Jul 09, 2025 12:51 Asia/Ashgabat
  • Yragyň Kürdüstan welaýatynyň Erbil şäherinde ýaragly çaknyşyk

Yragyň Kürdüstan sebitiniň merkezi Erbil şäherinde bir kürt taýpasy bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk birnäçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Pars Today -iň habaryna görä, Erbil welaýatynyň Habat sebitinde "Harkiýe" taýpasy bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk bolup, birnäçe adam ölüp we ýaralanypdyr.

Bu ýaragly çaknyşygyň sebäbi, "Uly Zab" derýasynyň şahalarynyň biriniň ugruny üýtgedenden soň oba hojalygynyň ýerlerini suwarmak baradaky dawa boldy.

Bu habara görä, bu çaknyşykda birnäçe howpsuzlyk ulagy otlandy.

Şunuň bilen baglylykda, Kalak etrabynda Kürdüstanyň Watançylyk bileleşiginiň başlygy "Neşirwan Harki" sebitdäki howpsuzlyk ýagdaýynyň dartgynlydygyny aýtdy we 300-den gowrak harby ulag iberilendigine garamazdan howpsuzlyk güýçleriniň bu çaknyşyklary saklap bilmeýändigini aýtdy.