Ansarullanyň ýokary derejeli resmisi: Basylyp alnan ýerlere gidýän gämileri gark ederis
(last modified Fri, 11 Jul 2025 10:56:45 GMT )
Jul 11, 2025 15:56 Asia/Ashgabat
  • Ansarullanyň ýokary derejeli resmisi: Basylyp alnan ýerlere gidýän gämileri gark ederis

Ýemendäki Ansarullahyň ýokary derejeli resmisi öz beýanynda Palestinanyň basyp alnan portlara girmek gadaganlygyny bozýan gämileri gark etjekdigini aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Ýemeniň Ansarullah hereketiniň maglumat guramasynyň başlygynyň orunbasary Nasreddin Amer "Al Jazeera" ulgamyna beren interwýusynda, biz haýsydyr bir tarapy öjükdirmeýäris, ýöne özümizi goraýarys we Gazadaky doganlarymyzy goldaýarys diýdi.

Amer sözüniň dowamynda basyp alyjy duşman jenaýatlaryny dowam etdirip, Gaza zolagynyň ilatyny açlyk çekýän şertlerde biziň ahlak borjumyz Gazany goldamakdyr diýdi.

Amer şeýle-de gämileriň tutulan ekipalarynyň boşadylmagy barada gürleşmek entek ir diýdi.

Ýemeniň Ansarullah hereketiniň Maglumat Guramasynyň orunbasary şeýle-de ​​Lod howa menziline (Ben Gurion) edilen hüjüm Gaza zolagyndaky garşylygy goldamagyň çägindedir diýdi.

Ýemeniň Ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary brigada generaly yaahýa Saree ozal basyp alnan Umm al-Rişraş (Eilat) portuna barýan söwda gämisiniň nyşana alynandygyny we gark bolandygyny yglan edipdi.