Netanýahu, eýranly alymlaryň terror edilmegini boýun aldy
(last modified Sun, 13 Jul 2025 09:51:55 GMT )
Jul 13, 2025 14:51 Asia/Ashgabat
  • Netanýahu, eýranly alymlaryň terror edilmegini boýun aldy

Sionist režimiň premýer-ministri ilkinji gezek geçen ýyllarda eýranly alymlaryň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, bu meseläni Tel Awiw režimi ozal ret edipdi.

Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahu "Fox News" gazetine beren interwýusynda öz hökümetiniň terrorçylyk taryhyna ünsi çekdi we geçen ýyllarda eýranly alymlaryň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne almak bilen biz öň eýranly alymlary ýok etdik, ýöne soňky söweşde has görnükli şahsyýetleri nyşana aldyk diýdi.

Netanýahu şeýle hem Tel Awiw Gazada 60 günlük ýaraşyk döretmek barada ylalaşyk gazanmaga synanyşýar diýip toslady. Sionist režimiň premýer-ministriniň bu toslamalary Hamas bilen tussaglary alyş-çalyş etmek barada ylalaşyk gazanmak üçin iň möhüm päsgelçilik hasaplanýan döwürde ýüze çykdy.