Hizbullah: Amerika bilen Ysraýylyň maksady Siriýany bölmekdir
Liwan mejlisindäki Garşylyk fraksiýasynyň ýokary wekili Amerikanyň we sionist režimiň sebit üçin howply taslamasy barada duýduryş berdi we Waşington bilen Tel Awiwiň maksadynyň Siriýany bölmekdigini mälim etdi.
Pars Today-iň habaryna görä, Günbatar Aziýa sebitinde bolup geçen soňky wakalar barada eden çykyşynda Hüseýin Al-Haj Hasan Amerikan-Sionist taslamasynyň uly howpy barada duýduryş berdi we bu taslamanyň maksadynyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň geografiýasyna, syýasatyna, medeniýetine, ykdysadyýetine we howpsuzlygyna agalyk etmekdigini aýtdy.
Hizbullahyň wekili Siriýadaky wakalar barada şeýle diýdi: Siriýada bolup geçýän wakalar we Iordaniýa we Müsüre garşy meýilnama, bu iki ýurduň hem sionistler bilen ylalaşyk şertnamasyna gol çekendigine garamazdan, sebitde agalyk etmek üçin sionist taslamasynyň tebigatyny açyp görkezýär.
Hüseýin al-Haj Hasan sözüniň dowamynda şeýle-de Amerikan-Sionist taslamasyna boýun bolmak olara howpsuzlyk getirer öýdýänler ham hyýaldadyrlar diýdi.