Harby yza çekiş Yragyň günbataryndaky Aýn al-Assad bazasyndan başlady
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i27202-harby_yza_çekiş_yragyň_günbataryndaky_aýn_al_assad_bazasyndan_başlady
ABŞ goşunlary Yragyň günbataryndaky Al-Anbar welaýatynda ýerleşýän Aýn al-Assad bazasyndan çykyp başladylar.
(last modified 2025-08-22T08:15:15+00:00 )
Aug 22, 2025 13:15 Asia/Ashgabat
  • Harby yza çekiş Yragyň günbataryndaky Aýn al-Assad bazasyndan başlady

ABŞ goşunlary Yragyň günbataryndaky Al-Anbar welaýatynda ýerleşýän Aýn al-Assad bazasyndan çykyp başladylar.

Käbir işgärler we enjamlar geçirildi. Bu bazadan ozal diňe enjamlar geçirilýärdi ýöne işgärleriň geçirilmegi ilkinji gezegi bolup durandyr.

Yragyň howpsuzlyk çeşmelerine görä, Aýn al-Assadyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň başyna çenli ABŞ goşunlaryndan doly boşadylmagyna we bazanyň 15-nji sentýabrda ýapylmagyna garaşylýar.

Yza çekmek Bagdat bilen Waşingtonyň arasynda halkara koalisiýanyň Yrakdaky harby missiýasyny bes etmegi we hyzmatdaşlygy raýat howpsuzlygy hyzmatdaşlygyna öwürmegi maksat edinýän öňki şertnamanyň bir bölegi boldy.