UNRWA: Gazadaky açlyk bilgeşleýin we Ysraýylyň hereketleriniň göni netijesidir
Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugynyň (UNRWA) başlygy "Gaza şäherinde açlyk yglan edilmeginiň çuňňur aladalandyryjydygyny, ýöne geň galdyryjy däldigini" aýtmak bilen bu açlygyň Ysraýyl režiminiň hereketleriniň gönüden-göni netijesidigini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugynyň (UNRWA) başlygy Filip Lazzarini, Gaza zolagyndaky açlygyň Ysraýylyň birnäçe aýlap azyk we zerur zatlary petiklemeginiň gönüden-göni netijesidigini aýtdy.
Lazzarini, Gaza zolagynda açlygyň ýaýramagynyň öňüni, ot açyşlygyň bes edilmegi we ynsanperwer guramalaryň öz işlerini ýerine ýetirmegi bilen alyp bolar diýip aýtdy. Halkara "Azyk howpsuzlygy tapgyry klassifikasiýasy" Gaza welaýatynda açlygyň ýaýrandygyny habar berdi. Guramanyň habaryna görä, Gazada ýarym milliondan gowrak adam açlyk, garyplyk we ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem Gazada ilkinji gezek açlygyň ýüze çykandygyny resmi taýdan tassyklandan soň, Ysraýylyň Daşary işler ministrligi BSGG-nyň çaklamalaryny nädogry diýip atlandyrdy we hasabatyň zibil bilen gutarjakdygyny öňe sürdi.