Sionist režimiň Gazadaky genosidinde şehit bolanlaryň sany köpeldi
Palestindäki Saglygy goraýyş ministrligi şenbe güni 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam edip gelýän Sionist režiminiň goşun hüjümleriniň pidalarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. Bu aralykda, goşun hüjümlerinden başga-da, Sionist režiminiň açlyk syýasaty Gazadaky pidalaryň sanyny hem artdyrdy.
Gazadaky Palestina Saglygy goraýyş ministrligi zolakdaky hassahanalaryň soňky 24 sagatda 66 şehiti, şol sanda harabalykdan çykarylan dört adamy alandygyny we 345 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Bu ministrlik şeýle-de Pidalaryň ençemesi harabalygyň aşagynda we köçelerde galandygyny yglan etdi.
Gazadaky elhenç ýagdaý, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) metbugat sekretary Tess Ingramy zolakdaky çagalaryň howply şertleri barada düşündiriş bermäge mejbur etdi.
Metbugat sekretary şeýle-de: "Gazada her 10 minutda bir palestinaly çaga öldürilýär ýa-da ýaralanýar, çagalaryň öldürilmegini we maýyp bolmagyny bes etmegiň ýeke-täk usuly atyşygy bes etmekdir" diýdi.
Bu bir ýagdaýdadyr welin Ysraýyl analitikleri Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň kabinetini Ysraýyl üçin howp hasapladylar we häzirki ýagdaýlarda Gazany basyp almagyň peýdasyzdygyny aýtdylar.