Hamas Gazadaky söweşi bes etmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny yglan etdi
Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) resmi taýdan beýannama berip, Gazadaky söweşi bes etmek we tussaglary alyş-çalyş etmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny yglan etdi.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Palestina Yslam Garşylyk Hereketi öz beýanatynda şeýle diýýär: Palestina garşylyk hereketi we toparlary tarapyndan ABŞ-nyň prezidentiniň Şarm el-Şeýhde palestina halkyna garşy genosid söweşini bes etmek we basyp alyjylary Gaza zolagyndan çykarmak maksady bilen geçirilen jogapkärçilikli we çynlakaý gepleşiklerden soň, Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) Gaza garşy söweşiň gutarmagyny, basybalyjylaryň yzyna çykarylmagy, kömekleriň girmegi we tussaglaryň alyş-çalşygyny öz içine alýan şertnamanyň gazanylandygyny habar berýär.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem öz beýanatynda Hamas bilen Sionist režiminiň arasyndaky söweşi bes etmek baradaky ylalaşygyň resmi taýdan yglan edilmegine reaksiýa bildirdi we islendik şertnamanyň esasy maksadynyň gan dökülmegi tiz bes etmek, adamlary halas etmek we sebiti janlandyrmak bolmalydygyny aýtdy.
BMG Baş Assambleýasynyň prezidenti Annalena Baerbok Sionist režim bilen Hamasyň arasynda ýaraşyk şertnamasynyň yglan edilmegini garşy aldy we bu pursatdan peýdalanyp Gazadaky söweşi bes etmeli diýdi.
BMG Baş Assambleýasynyň prezidenti Annalena Baerbok çarşenbe güni agşam eden çykyşynda, netijede 700 günden gowrak ölüm, weýrançylyk we umytsyzlykdan soň umyt açýan pursat, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda şertnamany doly durmuşa geçirmek we Gazadaky söweşi bes etmek üçin ýaraşyk şertnamasynyň yglan edilmeginden peýdalanmalydyrys diýdi.