Turki Al-Faýsal: Ysraýyl sebit üçin iň uly howpdyr
Saud Arabystanynyň öňki diplomaty Şazada Turki Al-Faýsal sionist režiminiň Liwana, Gaza we Siriýa yzygiderli hüjümlerine salgylanyp Eýran dälde, Ysraýyl sebit durnuklylygyna iň uly howp salýar diýdi.
Saud Arabystanynyň öňki aňtaw gullugynyň başlygy we Saud Arabystanynyň öňki diplomaty Şazada Turki Al-Faýsal sionist režiminiň Liwana, Gaza we Siriýa yzygiderli hüjümlerine salgylanyp Ysraýyl sebit durnuklylygyna iň uly howp salýar diýdi.
Turki Al-Faýsal: Ysraýyl, elbetde, kynçylyk döredijidir we Birleşen Ştatlar ony saklamalydyr. Ysraýyl, Siriýany diýen ýaly her gün bombalamagy we Gazada ýa-da Günbatar Şeriada palestinalylary, şeýle hem ok atyşygy bes etmek üçin niýetlenen Liwany bombalamagy bilen sebitimizde parahatçylyk üçin gowy alamat däl diýdi.
Ol sözüniň dowamynda indi sebitde ýadro ýaraglary bolan Ysraýyl režimidir ýöne hiç kim Ysraýyl barada gürleşmeýär. Şeýle-de bolsa, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan azat sebit bolmagy has gowydyr diýdi.