BMG: Siriýa ejiz ýagdaýda
BMG-niň halkara komiteti Siriýada Başar al-Assadyň agdarylmagyndan bir ýyl geçensoň, bu ýurtda geçiş tapgyrynyň ejiz bolmagynda galýandygyny yglan etdi.
BMG-e degişli Siriýa boýunça Garaşsyz Halkara Komiteti, bu ýurduň günortasyndaky Siriýanyň we Sweidanyň kenarýaka sebitlerinde bolan wakalary ýazgaryp, şeýle yglan etdi: Başar al-Assadyň agdarylmagynyň ýyl dönüminde käbir adamlar Siriýadaky häzirki ýagdaýyň howpsuzlygyndan howatyrlanýarlar. Bu Komitet şeýle hem Siriýadaky ýagdaýy göz öňünde tutup, käbir adamlar sowuk we gyş möwsümlerinde çadyrlarda ýaşamaga mejbur bolarlar we mundan başga-da, ýitirim bolan müňlerçe adamyň ykbaly henizem belli däl diýip yglan etdi.
Komitetiň bilermenleri Siriýadaky ar alyş hereketleriniň soňlanmagy bilen ýurduň durnuklylyga we howpsuzlyga tarap hereket etjekdigine, ähli toparlaryň hukuklaryna hormat goýuljakdygyna we hemmeler üçin sözde we işde deňligiň we kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilip bilinjekdigine umyt bildirdiler.