Yrak ýene-de Eýran-ABŞ gepleşiklerini goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i28050-yrak_ýene_de_eýran_abŞ_gepleşiklerini_goldaýar
Yragyň daşary işler ministri Fuad Huseýin sebitdäki ýagdaý barada ýurdunyň aladasyny bildirmek bilen birlikde, Maskatda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda geçirilen gepleşikleri goldady.
(last modified 2026-02-14T07:43:45+00:00 )
Feb 14, 2026 12:43 Asia/Ashgabat
  • Yrak ýene-de Eýran-ABŞ gepleşiklerini goldaýar

Yragyň daşary işler ministri Fuad Huseýin sebitdäki ýagdaý barada ýurdunyň aladasyny bildirmek bilen birlikde, Maskatda Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda geçirilen gepleşikleri goldady.

IRNA-nyň habaryna görä, Al-Arabi teleýaýlymy bilen söhbetdeş bolan Huseýin Eýranyň goňşy ýurt, ABŞ-nyň bolsa Yragyň hyzmatdaşydygyny we sebitdäki islendik urşuň öz ýurduna täsir etjekdigini aýtdy.

12 günlük uruşdan soň Eýran-ABŞ ýadro gepleşikleriniň täze tapgyry 2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda, anna güni Maskatda Oman Soltanlygynyň araçylygy bilen geçirildi.

Gytaklaýyn gepleşikleriň bu tapgyrynda Eýran we Amerikanyň gepleşik toparlary öz pikirlerini, garaýyşlaryny we çemeleşmelerini Omanyň daşary işler ministri Badr Al-Busaid arkaly biri-birine ýetirdiler.