Hamas: Tussaglara rehimsiz gynamalar uruş jenaýatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i28052-hamas_tussaglara_rehimsiz_gynamalar_uruş_jenaýatydyr
Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) sionist režimiň palestinaly tussaglara rehimsiz gynamalarynyň uruş jenaýatydygyny nygtady.
(last modified 2026-02-14T08:03:47+00:00 )
Feb 14, 2026 13:03 Asia/Ashgabat
  • Hamas: Tussaglara rehimsiz gynamalar uruş jenaýatydyr

Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) sionist režimiň palestinaly tussaglara rehimsiz gynamalarynyň uruş jenaýatydygyny nygtady.

Şenbe güni IRNA-nyň Al Jazeera-a salgylanyp beren habaryna görä, Hamas hereketi beýanatda şeýle diýdi: Sionist režimiň içerki howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gueriň gözegçiligi astynda Ofer türmesinde tussaglara rehimsiz gynamalar uruş jenaýatydyr we halkara hukugyna açyk garşylykdyr.

Bu Hereket şeýle hem Palestinaly tussaglara garşy jenaýatlara garşy halkara dymmak we ölüm jezasy kanunynyň tassyklanmagy faşist režimiň türmeleriň içinde rehimsiz hereketlerini dowam etdirmegine mümkinçilik berýär diýdi.

Öň Gaza sektoryndaky Nasser hassahanasynyň başlygy Ahmed Al-Farra beýanatlarynda palestinaly tussaglara edilýän agyr gynamalar sebäpli olaryň jesetlerini tanamagyň mümkin däldigini aýtdy.

Al-Farra basyp alyjylaryň Gaza eltýän jesetleriniň kimligini bilýändiklerini, ýöne olaryň atlaryny yglan etmekden ýüz öwürýändiklerini sözüne goşdy.

Ol şeýle hem her ýedi jesetden diňe biriniň kimdigini aýdyp bolýandygyna yşarat edip özboluşly häsiýetleri bolanlardan başga jesetleri kimdigini anyklamak örän kyn diýdi.

Nasser hassahanasynyň başlygy şeýle hem jesetleriň köpüsi çüýremek ýa-da gynamalara sezewar bolmak sebäpli häsiýetli aýratynlyklarynyň köpüsini ýitirdi, käbir jesetler bolsa boşadylyp, pagta bilen dolduryldy, bu bolsa organlaryň basyp alyjylar tarapyndan ogurlandygyny aňladýar diýdi.