Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegi bilen bir wagtda Palestina halky gyrana berildi
(last modified Tue, 15 May 2018 09:05:01 GMT )
May 15, 2018 14:05 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegi bilen bir wagtda Palestina halky gyrana berildi

Amerikanyň ilçihanasynyň Tel-Awiwdan basylyp alynan Kudusa geçirilmegi bilen bir wagtda Sionist režiminiň harbylary azyndan 59 Palestinalyny şehit we üç müňe golaýyny ýaralandyrlar.

Amerika döwleti BMG-nyň hemde hamala adam hukukyny toslan bolýan halkara guramalaryň iş oňarmazlyklary we parhsyz oturmaklarynyň saýasynda düýn özüniň ilçihanasyny Tel-Awiwdan Basylyp alynan Kudus şäherine geçirdi.

bu waka bilen bir wagtda Palestina ilaty Kudusda,Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalarynda hemde Gaza Zolagynda protest geçirip başladylar.

Sionist režiminiň harby mergenleri bolsa proteste gatnaşan palestinalylara aýratynda Gaza Zolagynyň serhetlerindäki ilata tarap ok ýagdyryp olaryň onlarçasynyň şehit we müňlerçesiniň ýaralanmaklaryna sebäp bolandyrlar.

Palestinanyň saglygy goraýyş ministri Jawad Awad bir beýannama boýunça şehitleriň we ýaralylaryň sanynyň artyp barýanlygyny ygan edendir.

Sionist režiminiň harbylary şeýle-de basylyp alynan Kudusda Amerikanyň ilçihanasynyň garşysynda protest geçiren ilata hem hüjüm etmek bilen olary urup ýençmekden aýry onlarçasyny hem tutandyrlar.

Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegi hemde Sionist režiminiň Palestina halkyny gyrana bermegi dünýä derejesinde ýazgarylýandyr.

Eýran resmileri şol sanda Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani hemde Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerika we Sionist režiminiň bu hereketlerini we jenaýatlaryny ýazgarmak bilen ökünjekdiklerini nygtandyrlar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdugan hem Sionist režimini Palestinada nesil gyrgynçylyga aýyplap özünüň Waşington we basylyp alynan Palestinadaky ilçilerini Ankara çagyrdy.

Arap Bileleşigi hem Amerikanyň bu hereketini hemde Sionist režiminiň baş goşan jenaýatlaryny berk ýazgardy.

Orsýet,Kanada,Fransiýa,Britaniýa we dünýäniň onlarça ýurdy Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmegini ýalňyş hereket hasaplap Sionist režiminiň jenaýatlaryny ýazgardylar.