Moskwa döwleti Siriýa baradaky sionist režimiň islegini kabul etmedi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i3434-moskwa_döwleti_siriýa_baradaky_sionist_režimiň_islegini_kabul_etmedi
Orsýet döwleti Eýran bilen Liwan Hezbollasynyň güýçlerini basybalynan ülkeleriň Siriýa bilen bolýan serhetleriniň 80 kilometrliginden daşda saklanmagy baradaky Telawiwiň islegini ret etdi diýip Sionist režimiň Ýediot Ahronot gazeti ýazdy.
(last modified 2025-11-18T04:30:59+00:00 )
Jul 14, 2018 10:31 Asia/Ashgabat
  • Moskwa döwleti Siriýa baradaky sionist režimiň islegini kabul etmedi

Orsýet döwleti Eýran bilen Liwan Hezbollasynyň güýçlerini basybalynan ülkeleriň Siriýa bilen bolýan serhetleriniň 80 kilometrliginden daşda saklanmagy baradaky Telawiwiň islegini ret etdi diýip Sionist režimiň Ýediot Ahronot gazeti ýazdy.

Sionist režimiň Ýediot Ahronot gazeti bu matlabynyň dowamynda  Ysraýylyň harby gullygy Moskwadan häzirlikçe Eýran bilen Liwan Hezbollasynyň güýçleriniň basybalynan ülkeleriň Siriýa bilen bolýan serhetleriniň 80 kilometrliginden daşda saklanmagyny isledi emma Orsýet döwleti ony ret etdi didip nygtady.

Sionist režimiň Ýediot Ahronot gazeti Siriýa goşunynyň we ýaranlarynyň bu ýurdyň günortasynda gazanan üstünliklerine hem yşarat edip Siriýanyň prezidenti başar Assad-yň harbylary golaý geljekde kälim şeklinde Jowlan beýikliklerine musallat boljakduyrlar diýip ýazdy.

ýeri gelende aýtsak geçen penşenbe güni sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netanýaho Moskwa sapar edip Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp  ýadro ylalaşygy, Siriýa meselesi, Ortagündogaryň özgerişleri we palestina meselesi barada gürrüň etdi.