Ýemende Saudy Bileleşiginiň baş goşan täze jenaýaty
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i3938-Ýemende_saudy_bileleşiginiň_baş_goşan_täze_jenaýaty
Ýemeniň saglygy goraýyş ministrligi öten agşam bir beýannama boýunça bu ýurdyň günbatarynda ýerleşen Al-Hdaýdanyň günortasynda bolan Al-Doraýhimi hassahananyň Saudy Bileleşiginiň uruş uçarlary tarapyndan bombalananlygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 12, 2018 18:33 Asia/Ashgabat
  • Ýemende Saudy Bileleşiginiň baş goşan täze jenaýaty

Ýemeniň saglygy goraýyş ministrligi öten agşam bir beýannama boýunça bu ýurdyň günbatarynda ýerleşen Al-Hdaýdanyň günortasynda bolan Al-Doraýhimi hassahananyň Saudy Bileleşiginiň uruş uçarlary tarapyndan bombalananlygyny habar berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,el-gatyjy Saudy Bileleşiginiň harby uçarlarynyň we gämileriniň howadan we deňizden bu hassahanany bombalamagy netijesinde bu hassahana kämil dargady diýip Ýemeniň saglygy goraýyş ministrligi yglan etdi.

Ýemeniň saglygy goraýyş ministrligi şeýle-de bu hüjümde ölenleriň ýa-da ýaralananlaryň sany Saudy Bileleşiginiň bu sebite garşy hüjümleriniň dowamly bolmagy babatly heniz belli däldir diýip habar berdi.

Al-Saud režiminiň uruş uçarlary 2-nji Awgustda hem Al-Hodaýdanyň Al-Sura hassahanasyny bombalapdy.bu jenaýatda 60 Ýemenli öldi we 100-den köprägi hem ýaraly boldy.

Saudy Bileleşigi Al-Hodaýda sebitine musallat bolmak üçin 13-nji iýundan bäri giň gerimde bu sebite hüjüm edip gelýändir.