Bahreýn ilaty ýöriş geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i3939-bahreýn_ilaty_ýöriş_geçirdiler
şu gün Bahreýn ilatynyň bir topary bir ýurdyň ulamalarynyň Al-Halypa režiminiň formalite parlament saýlawlaryna goşulmazlyk barada tutan tutumyna goldaw bermek maksady bilen ýöriş etdiler.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 12, 2018 22:27 Asia/Ashgabat
  • Bahreýn ilaty ýöriş geçirdiler

şu gün Bahreýn ilatynyň bir topary bir ýurdyň ulamalarynyň Al-Halypa režiminiň formalite parlament saýlawlaryna goşulmazlyk barada tutan tutumyna goldaw bermek maksady bilen ýöriş etdiler.

Bahreýniň paýtagtynyň Al-Doraz sebitinde geçirilen bu ýörişlerde ilat bu ýurdyň görnükli şaý alymy şyh Isa Gasymyň suratlaryny göterip bu sebitde juma namazynyň okalmagynyň öňüne geçmek baradaky Al-Halypa režiminiň tutan tutumyna garşy şygar aýtmak bilen bir wagtda Bahreýn ulamalarynyň bu ýurdyň parlament saýlawlaryna goşulmazlyk barada tutan tutumlaryndan hem hemaýat etdiler.

Al-Halypa režiminiň howpsyzlyk güýçleri 118-nji hepdede hem Al-Doraz sebitini we aýatolla şyh Isa Gasymyň öýüniň töweregini gabap sakladylar.

Al-Halyp režimi parlament saýlawlaryna goşulmaýan adamlar jezalandyryljakdyrlar diýip haýbat atan bolsada emma geçen sişenbe güni Al-Wefak jemgyýetiň baş sekretarynyň orunbasary Huseýn Al-Deýhi ilaty 24-nji Noýabrda geçiriljek parlament saýlawlara goşulmazlyga çagyrdy.

Bahreýn 2011-nji ýylyň 14-nji Fewralyndan bäri Al-Halypa režimine garşy ilat aýaga örişine şaýatlyk edip gelýändir.