Osman Al-Ganemi:Arbaeen çäresiniň howpsyzlygy üpjün ediljekdir
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i3957-osman_al_ganemi_arbaeen_çäresiniň_howpsyzlygy_üpjün_ediljekdir
Yrak goşunynyň bilelikdäki ştabynyň başlygy Osman Al-Ganemi Arbaen çäresiniň howpsyzlygynyň kämil şekilinde üpjün ediljekdigini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 16, 2018 14:40 Asia/Ashgabat
  • Osman Al-Ganemi:Arbaeen çäresiniň howpsyzlygy üpjün ediljekdir

Yrak goşunynyň bilelikdäki ştabynyň başlygy Osman Al-Ganemi Arbaen çäresiniň howpsyzlygynyň kämil şekilinde üpjün ediljekdigini nygtady.

Osman Al-Ganemi Arbaen zyýaraty boýunça Eýran bilen Yragyň bilelikdäki howpsyzlyk komitetiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda zyýaratçylara degişli işlere herne basymrak ýetişiklik edilmegini isledi.

bu maslahatda Yragyň içeri işler ministrniň orunbasary general Muhammet Badr bilen Eýranyň Bagdatdaky harby wekili serdar Mostafa Moradiýan howpsyzlyk çäreler hemde Arbaeen zyýaratçylaryň işlerini ýeňilleşdirmek ugurda bitirilen işler barada hasabat berdiler.

soňky günlerde Yrak ilatynyň Karbala şäherine tarap ýöriş edip başlamagy bilen bir wagtda Mehran,Şib,Şalamçe we Safwan serhet geçelgeleri hemde Yragyň Bagdat,Najaf we Basreh şäherleriniň howa menzilleri hem zyýaratçylaryň ýüzlerine açylandyr.

30-nji Oktýabr Ymam Hoseýin(a)yň şehitlik derejesine ýeten gününiň gyrkynyň ýyllygydyr.