Arabystanyň ulamalar topary Bin Salmanyň wezipesinden kenarda goýulmagyny isledi
Türkiýäniň Stambul şäherinde Arabystanly tankytçy žurnalist Jamal Haşakçiniň öldürilmegi baradaky Türkiýe polisiýasynyň derňew işleriniň ilki netijeleri yglan edileni soňra Arabystanyň ulamalar topary bu ýurdyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmanyň wezipesinden kenarda goýulmagyny talap etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, şu gün Saud Arabystanyň ýokary derejeli ulamalar topary bir beýannama boýunça Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmanyň ýalňyş syýasatlaryna we zalymlykly işlerine hemde Jamal Haşykçiniň öldürilmeginde ýazykly bolmagyna yşarat edip onuň wezipesinden boşadylmagyny isledi.
bu topar şeýle-de Bin Salmanyň ýalňyş işlerine şol sanda ulamalary tutup türmä basmak,köpçülikde korrupsiýany ösdürmek,umumy baýlyklary ýele sowurmak we işleri laýyk bolmadyk adamlara gowşurmak ýaly nä-dogry hereketlerine yşarat edip onuň wezipesinden boşadylyp ýerine laýyk we mynasyp adamyň bellenilmegini talap etdiler.
şol bir wagtda Türkiýäniň media serişdeleri Jamal Haşykçiniň öldürilmeginde eli bolmakda şübhelenýän Arabystanly uçarman Maşal Saad Al-Bostaniň Riýadda şübheli ýol hadysasynda heläk bolanlygyny yglan etdiler.