Başar Al-Jafari:Siriýanyň içeri işlerine gatyşmaga Arabystanyň haky ýokdyr
Birleşen Milletler Guramasyndaky Siriýanyň wekili Başar Al-Jafari bu guramanyň howpsyzlyk geňeşinde eden çykyşynda sebitde terrorizmiň döremegine sebäp bolan Saud Arabystanyň Siriýanyň içeri işlerine gatyşmaga haky ýokdyr diýdi.
Birleşen Milletler Guramasyndaky Siriýanyň wekili Başar Al-Jafari Arabystanyň bu guramadaky wekili Abdulla Al-Muallemiýe garap öz žurnalisti bolan Jamal Haşakçini terror edýän Arabystan režiminiň Siriýanyň içeri işlerine goşulmaga haky ýokdyr diýip nygtady.
Abdulla Al-Muallemi Riýad döwletiniň Siriýa kömek etmegi barada agzaýar emma Arabystanyň hut özi Siriýa,Yrak,Liwiýa,Liwan,Müsür we Nigeriýa ýurtlarynda terrorizmiň döremegine we ýaýramagyna sebäp bolandyr diýip yglan etdi.