Walid Al-Almuallem:Damask döwleti awaralaryň watana dolanmaklaryny isleýändir
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i3996-walid_al_almuallem_damask_döwleti_awaralaryň_watana_dolanmaklaryny_isleýändir
Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem awara bolan Siriýalylaryň öz watanlaryna we öýlerine gaýdyp gelmeklerini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 24, 2018 14:17 Asia/Ashgabat
  • Walid Al-Almuallem:Damask döwleti awaralaryň watana dolanmaklaryny isleýändir

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem awara bolan Siriýalylaryň öz watanlaryna we öýlerine gaýdyp gelmeklerini isledi.

Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem Birleşen Milletler Guramasynyň garamagynda işleýän bütin dünýä azyk maksatnamanyň müdiri Dawid Beasley bilen geçiren duşuşygynda Damask döwletiniň bu ýurdyň uruşa uçran ilatyna kömek etmek ugurda tagalla edip duranlygyna yşarat edip Başar Assadyň ýolbaşçylygyndaky döwlet Siriýa ilatynyň howpsyzlygyny üpjün etmek we gowy ýaşaýyş şertlerini döretmek ugurda bar tagallasyny edip durandyr diýip nygtady.

Walid Mugallem şeýle-de bütin dünýä azyk maksat namanyň Siriýa döwleti bilen edýän hyzmatdaşlyklary babatly gadyrdanlygyny beýan etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň garamagynda işleýän bütin dünýä azyk maksatnamanyň müdiri Dawid Beasley hem awaralara kömek etmek ugurdaky Siriýa döwletiniň amala aşyrýan tagallalaryndan gadyrdanlyk etmek bilen bir wagtda bu tagallalaryň artdyrylmagyny isledi.

hasabatlar esasynda 7 milliondan gowrak Siriýaly dünýäniň 45 ýurdynda awaradyrlar.