Arbystanyň Ýemende baş goşan täze jenaýaty
el-gatyjy Saudy bileleşiginiň harby uçarlarynyň öten agşam Ýemeniň Al-Hodaýda welaýatynyň Beýt Al-Fagyh şäherine garşy ýola beren hüjümlerinde 19 adam öldi we 10 adam hem ýaralandy.
Al-Alam tele kanalynyň beren habaryna görä,Saudy bileleşiginiň uruş uçarlary bu hüjümde Beýt-Fagyh şäheriniň Al-Masudy sebitindäki bazary bombaladylar.
Al-Hodaýda şäheriniň hassahanalyk çeşmesiniň yglan etmegine görä,ýaraly bolanlaryň käbiriniň ýagdaýnyň pes bolmagyna garamak bilen ölenleriň sanynyň artmagy ahmaldyr.
Saudy bileleşiginiň harby uçarlary düýn öýlän hem Al-Hodaýda şäherini bombaladylar netijede 3 Ýemenli şol sanda bir çaga öldi we 6 adam hem ýaralandy.
el-gatyjy saudy bileleşigi Ýemeniň Al-Hodaýda portyny basyp almak üçin 2018-nji ýylyň 13-nji Iýun aýndan bu sebitä garşy hüjümlerini başlady.