Putin bilen Ardugan:Siriýa dartgynlylygyny çözmekde Eýran ýörite rola eýedir
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4011-putin_bilen_ardugan_siriýa_dartgynlylygyny_çözmekde_eýran_ýörite_rola_eýedir
Orsýet bilen Türkiýäniň prezidentleri Stambulda geçirilen maslahatda Siriýa dartgynlylygynyň çözülmeginde Eýranyň aýgytly rola eýedigini nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 28, 2018 14:57 Asia/Ashgabat
  • Putin bilen Ardugan:Siriýa dartgynlylygyny çözmekde Eýran ýörite rola eýedir

Orsýet bilen Türkiýäniň prezidentleri Stambulda geçirilen maslahatda Siriýa dartgynlylygynyň çözülmeginde Eýranyň aýgytly rola eýedigini nygtadylar.

Orsýetiň prezidenti wladimir Putin Stambulda Siriýa barada Orsýet,Türkiýe,Fransiýa we Germaniýanyň 4 taraplaýyn maslahatynyň soňunda Eýransyz Siriýaly taraplaryň arasynda gepleşik geçirilmegi mümkin däldir diýip beýan etdi.

Putin şeýle-de Eýran Siriýada parahatçylygyň berkarar edilmegini,atyşygyň ýatyrylmagyny we bu ýurtda harby bolmadyk sebitiň döredilmegini kepillendirýändir we bu mesele Eýransyz çözülmez diýip nygtap geçdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan hem Siriýa dartgynlylygynyň çözülmegine Eýranyň gatnaşmagy zerurdir we Siriýa ilatynyň bähbitleri uguryndadyr diýdi.

Türkiýe,Orsýet,Fransiýa we Germaniýanyň başlyklarynyň 2 günlük 4 taraplaýyn maslahaty öten agşam gutardy.ady geçen ýurtlaryň prezidentleriniň gürrüňlerindäki geň mesele Siriýanyň gudrat başyndan Başar Assadyň kenara çekilmeginden yza çekilmekleridir.

Türkiýäniň prezidenti Ardugan diňe Siriýa ilaty Başar Assadyň geljegi barada tutum tutup bilýändir diýip nygtady.Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hem öz ykballaryny belli etmek üçin Siriýa ilatyna pursat berilmelidir diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Makeron hem Siriýanyň geljekki syýasy düzümi barada diňe Siriýa ilaty tutum tutmalydyr diýip nygtady.

Siriýa dartgynlylygy Arabystan,Amerika we olaryň ýaranlarynyň hemaýaty astyndaky terrorçylaryň giň gerimdäki hüjümleri bilen we sebit özgerişlerini Sionist režiminiň bähbitlerine öwürmek maksady bilen 2011-nji ýylda başlandy.